Problems?

If these applets don't work, please use the new HTML5 version.

Asman polýuslary

Asman sfera - bu älemi öz içine alýan äpet-uly hyýaly şardyr, ýyldyzlar/planetalar onuň üstünde ýerleşýän ýaly göz öňüne getirilýär (proesirlenýär). Şunda Ýer şaryň okunyň daşynda 23 sagat 56 minutda aýlanýan bir asman sferasy görkezilen (elbetde, bu ýönekeýleşdirlen mysaldyr, hakykatdan durmuşda tersine bolýar: Ýeriň özi sferanyň daşynda aýlanýar ). Ýyldyzyň ýagdaýyny hasaplamak üçin, Ýeriň aýlanma okuny asman sfera çenli çekmek arkaly proesirlenen iki sany nokada asman polýuslar aýdylýar: Demirgazyk asman polýus (ol asmanda ýagty görünen Demirgazyk ýyldyza ýakyn ýerleşýär) hem-de Günorta asman polýusy. Bu asman polýuslaryň ýerleşişiniň olara syn edýän adamyň duran geografiki uzaklygyna (açyk gök reňkde bellenen) nä derejede baglydygy görkezilýar.

Çep tarapda Ýer şar we onuň polýuslary hem-de aýlanma oky getirilen. Gorizontal tekizlik syn edýän adamyň saýlanan ýagdaýyna görä çyzylýar - ony myşka bilen üýtgetmek mümkin. Şonda reňkli oklar seredilýän ugurlary görkezerler: demirgazyk - gyzyl, ýaşyl - günorta, zenit - benewşe, görünýän asman polýus - gök. Sag tarapda syn ediji adama görünýän surat görkezilen: gorizont tekizligi kese çyzylan we zenit göni ýokarda asman sferasynda ýerleşýär. Gök okunyň ugryndan görünýän asman polýusynyň gorizontdan bolan beýikligini görmek bolýar.

Netije: görünýän asman polýusynyň gorizonta görä (gradusda ölçeneň) beýikligi geografiki uzaklyk giňişliginiň absolýut bahasyna deň bolar.

Eger Ýeriň demirgazyk ýarym şaryndan synlasaň, Demirgazyk asman polýusy demirgazykda bolan ýaly görüner, ýyldyzlar onuň daşynda sagat strelka garşy ugurda aýlanarlar. Eger Ýeriň günorta ýarym şaryndan synlasaň, Günorta asman polýusy günorta tarapda bolan ýaly görüner, ýyldyzlar onuň daşynda sagat strelka ugurda aýlanarlar. Eger göni Demirgazyk ýa-da Günorta polýusyň üstünde dursaň, görünýän asman sferasy göni ýokarda bolar. Ekwatorda bolsa, iki polýuslar gorizontda bolan ýaly görünerler.

Java runtime environment not installed or deactivated

 

 

 
Astronomy
Astronomy Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/a14tm/celpoles_tm.htm
© Walter Fendt, July 12, 1998
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 30, 2012