U-şekilli manometr bilen gidrostatik basyş şeýle ölçenýär: gyzyl reňkli kameranyň ýokarsynda membrana bar, ol basyşa görä gyşarýar, netijede baglanan al reňkli turbadaky howa U-şekilli turbanyň içindäki suwuklyga basýar we çep tarapyndan girip onuň sag tarapyndan çykar ýaly edýär. Onuň derejesiniň üýtgemegi basyşy ölçemek üçin ulanylýar.
Bellik 1: Suwuklyk hemme ýerde deň görnüşli diýilip kabul edilendir.
Bellik 2: Diňe gidrostatik basyş ýazylýar, howanyň basyşy däl!
Tejribäniň öňünde duran mesele bu gidrostatik basyş bilen çuňlugyň
gatnaşygy. Manometri myşka bilen galdyryp we düşürip bolýar. Sag tarapdan dürli
suwuklyklary saýlap bolýar. Dykyzlyk hem-de çuňluk bahalary goşmaça girizip bolýar.
Gidrostatik basyş gektopaskalda aňladylýar:
(1 hPa = 100 Pa = 100 N/m2)
Her santimetr çuňluk üçin basyş 1 hPa ulalýandygy görünýär. Umumy formula:
p ... suwuklyklaryň gidrostatiki basyşy
g ... agyrlyk güýjüniň hemişeligi
ρ ... suwuklygyň dykyzlygy
h ... çuňluk