Radioaktiw bölünmäniň kanuny

Bu kanun entek bölünmedik ýadrolaryň sanynyň wagt geçmegi bilen näçe azalýandygyny çaklaýar. Simulýasiýada her gyzyl tegelek 1000 sany atom ýadrosyny aňladýar. Radioaktiw maddanyň ýarym-bölünme periody (T) 20 sekunda deň. Aşakdaky diagramma her berlen wagt (t) üçin entek bölünmedik ýadrolaryň bölegini (drob görnüşde N/N0) şeýle kanun boýunça çaklaýar:

N   =   N0 × 2−t/T

N  ... bölünmedik ýadrolar
N0 ... başdan berlen ýadrolaryň sany
t  ... wagt
T  ... ýarym-bölünme periody

"Başla" knopka basylandan soň ýadrolar bölünip başlarlar (sary reňke öwürlerler). Arakesme basylan pursat diagrammadan entek bölünmedik bölegini gök nokatdan bilmek bolýar. Her aýry atom ýadrosynyň bölünmän galmagyň mümkinçiligini berlen interwal üçin kesgitlemek bolýar: ýarym-bölýnme periody üçin bu 50 % ähtimallyk, ondan iki esse uzak interwal (2 T) üçin bolsa 25 % (ýarpy 50 %), üç sany ýarym-bölünme periody (3 T) üçin eýýam diňe 12,5 % (ýarpy 25 %) we ş.m. Emma her berlen aýry atom ýadrosy üçin bölünme wagtyny takyk çaklamak mümkin däl.

This browser doesn't support HTML5 canvas!