Ýönekeý üýtgeýän tok (AC) zynjyry

Görkezilen ýönekeý zynjyr üýtgeýän naprýaženiýe çeşmesinden we (seçilen radio knopkasyna görä) rezistordan, kondensatordan ýa-da kämil katuşkadan durýar. Goşmaça wolt ölçeýji (gök) hem-de ampermetr (gyzyl) abzallar bar.

Zynjyryň çyzgysynyň aşagynda çepde wektor diagrammasy bar, yrgyldylaryň her pursatdaky fazalaryny iki sany wektor (naprýaženiýe gök we tok gyzyl reňklerde) arkaly görmek mümkin. Wektoryň wertikal oka görä proýeksiýasy degişli pursatda bolan U we I bahalaryna gabat gelýär. Aşakdaky sag tarapda ýerleşen diagrammadan naprýaženiýe bilen toguň wagta bolan baglylygy görkezilen.

"Gaýtar" knopkasy zynjyry başdaky ýagdaýyna getirýär. Beýleki knopka bilen bolsa simulýasiýany saklap we dowam etdirip bolýar. "Haýal hereket" saýlap hereket 5 esse pes tizlikde işletmek bolýar.

Ýygylygy, iň ýokary naprýaženiýeni we garşylygy (şeýlelikde, kondensatoryň sygymyny) öňünden saýlap bolýar. Şonda programma iň ýokary naprýaženiýeniň täze bahasyny görkezer.

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/accircuit_tm.htm
© Walter Fendt, June 13, 1998
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012