Bor tarapyndan düzülen wodorod atomyň teoriýasy

1913-nji ýylda Daniýaly fizik Nils Bor (1885 - 1962) wodorod atomyň spektrini düşündirmegi başardy. Onuň düzen modelinde otrisatel zarýadlanan elektron položitel zarýadlanan atom ýadrosynyň daşynda aýlanýar. Bu bolsa Kulon kanuny boýunça täsir edýän çekiji elektrostatik güýjüniň hasabyna bolup geçýär.

Görkezilen wodorod atom modelinde esasy kwant sanyny n saýlamaly. Grafigiň sag bölegi atomyň energiýa derejelerini görkezýär. Aşakdan bolsa orbital radiusy r we jemi energiýany E bilip bolýar.

Eger orbitanyň radiusy myşkanyň knopkasyny basyp üýtgetseň, bu adatça stasionar däl ýagdaýa getirer. Ony "tolkun modeli" saýlap görmek mümkin. Ýaşyl tolkunly çyzyk madda tolkunyny aňladýar, ol köplenç ýapylmadyk halda bolýar. Diňe töweregiň tegelegi tolkun uzynlyga krat bolup gabat gelende stasionar ýagdaýy gazanyp bolýar.

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/bohrh_tm.htm
© Walter Fendt, May 30, 1999
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012