Karuseliň modeli
(merkeze ymtylýan güýç)

Nýutonyň birinji kanuny boýunça, jisimiň tizligi we ugry hemişelik bolýar haçan-da oňa hiç güýç täsir etmeýän bolsa. Emma töwerek boýunça hereketde merkeze ymtylýan güýç ýüze çykýar, ol aýlaw okuna tarap ugrukdyrylandyr. Karuseliň ýönekeý modeli ony görkezýär.

Ýokarkda çepde ýerleşen 4 knopkalaryň arasynda ikinjisini basaňda her 8 sany deňagramlyk agramlaryň wektory çyzylar. Agram güýçler gara reňkde we ýüplerdäki güýçler gök reňkde görünerler. Bu wektorlaryň hemmesi goşulanda emele gelen ahyrky güýç (gyzyl reňkde) merkeze ymtylýan güýje deňdir.

Güýç wektorlaryň tekiz çyzgysyny we möhüm san görkezijileri hem töwerek hereket üçin şu ýerden görüp bolýar. Parametrleri belli çäklerde ENTER basyp üýtgedip bolýar.

Bellik: bu ýerde hemişelik tizlikli töwerek boýunça hereket gökezilendir. Tizlenme hem-de howanyň garşylygy hasaba alynmaýar.

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/carousel_tm.htm
© Walter Fendt, March 10, 1999
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012