Hemişelik tokly işleýän elektrik motor

Düşündirmegi ýeňilleşdirmek üçin, motoryň diňe esasy bölekleri görkezilen: sarymly we demir okly ýakoryň ýerine diňe ýeke bir göniburçluk halka getirilen, bu halkanyň aýlanma oky hem gizlenen.

Gyzyl görkezgiç diller toguň adaty ugruny (plýusldan minusa tarap) görkezýärler. Magnit meýdanyň çyzyklaryny gök reňkden tanap bolýar - olar gyzyl reňkli demirgazyk polýusdan ýaşyl reňkli polýusa tarap ugrukdyrylandyr. Gara reňkli diller magnit meýdanynda tokly geçirijä täsir edýän Lorents güýji görkezýärler. Agzalan Lorents güýjiniň ugry toguň hem-de magnit meýdanyň çyzyklarynyň ugurlaryna görä göni burçda ýerleşýär. Onuň ugrukdyrylyşy meşgur bolan 3-barmak (sag el üçin!) düzgünine esaslanýar:

Başam barmak: Toguň adaty ugry
Süýem barmak: Magnit meýdan
Orta barmak: Lorents güýji

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/electricmotor_tm.htm
© Walter Fendt, November 29, 1997
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012

 

 

MMPh (Multimedia Physics)