Güýçleri düzüji komponentlere dargatmak

Fizikanyň meseleleri çözülende, köplenç belli bir güýji ony düzýän aýry iki sany güýje dargatmak amatly bolýar. Elbetde, bu iki sany düzüji güýç başdaky güýje ekwiwalent bolmalydyr. Ýägny, olaryň wektorlarynyň jemi başdaky berlen güýje gabat gelmeli - şonda olara düzüji komponent güýçler diýip bolar.

Bu ýönekeý geometriki gurluş düzüjileriň ululyklaryny görkezýär: berlen güýjüň wektorynyň ujundan berlen ugurlara görä iki sany çyzyk çyzyp güýç parallelogramy alyp bolýar. Komponentleriň ululyklaryny şol parallelogramyň ýan taraplaryndan bilip bolýar. Berlen güýçleri we ugurlary myşka bilen basyp we süýräp üýtgetmek bolýar. Ýokarky knopkany basaňda, programma girizilen gurluşy emele getirer we düzüji komponentleriň ululyklaryny kontrol panelinde görkezer. Aşakky knopkany basyp gurluşy arassalamak bolýar.

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/forceresol_tm.htm
© Walter Fendt, May 30, 2003
Translation: PICT Turkmenistan 2012
Last modification: July 14, 2012