Generator

Düşündirmegi ýeňilleşdirmek üçin, generatoryň diňe esasy bölekleri görkezilen: sarymly we demir okly ýakoryň ýerine diňe ýeke bir göniburçluk geçiriji halka getirilen, bu halkanyň aýlanma oky hem gizlenen.

Ýokarda sag tarapda ýerleşen knopkalar arkaly AC generatory (üýtgeýän tokly - kollektorsyz), ýa-da DC generatory (hemişelik tokly - kollektorly) saýlap bolýar. Aýlaw ugruny hem tizligini degişli knopkalar arkaly sazlap bolýar. Gara görkezgiç diller her pursat üçin hereket ugruny görkezýärler. Magnit meýdanyň çyzyklaryny gök reňkden tanap bolýar - olar gyzyl reňkli demirgazyk polýusdan ýaşyl reňkli polýusa tarap ugrukdyrylandyr. Gyzyl diller bolsa induksiýa bilen dörän toguň adaty ugruny görkezýärler.

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/generator_tm.htm
© Walter Fendt, May 8, 1998
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012

Thanks to Mr. Jürgen Giesen and Mr. Teun Koops for their valuable suggestions!