Iki sany töwerek ýa-da sferik şekilli tolkunlaryň interferensiýasy

Tolkunlar birmeňzeş faza bilen yrgyldaýan iki sany aýry çeşmeden ýaýrap çykýarlar. Tolkunlar suw ýa-da ses we ş.m. görnüşde bolup bilerler. Tolkunlaryň interferensiýasynda uzalmalar goşulanda olaryň alamatyna üns bermeli (plýus ýa-da minus). Şu iki sany iň ahyrky ýagdaýlary syn etmek bolýar:

Ýol uzynlyklaryň tapawudy Δs (ýagny, iki sany çeşmelerden bolan aralyklaryň tapawudy) tolkun uzynlygyna λ görä galyndysyz bütewi bölüji san bolan nokatlarynda tolkunlar birmeňzeş faza bilen gelerler: diýmek, maksimal (gara töwerek) we minimal (çal reňkli töwerek) bir wagtda geler, şeýlelikde interferensiýa güýçlenýän (maksimal amplitudaly) bolar. Şeýle häsiýete eýe bolan nokatlar gyzyl reňkde bellenen egriler we tekizlikler boýunça ýerleşerler.

Δs görä tolkun uzynlyk λ bölekli bölüji täk san bolan nokatlarynda ters ýagdaý ýüze çykar: gök reňkli egrilerde hem-de tekizliklerde ýerleşen nokatlar bir tolkunyň maksimumy beýleki tolkunyň minimumy bilen bir wagtda geler, şeýlelikde interferensiýa öçýän (minimal amplitudaly) bolar.

Iki çeşmeleriň aralygyny we tolkun uzynlygy san girizip ENTER basyp sazlamak bolýar. Δs bahasyny hem myşka arkaly üýtgetmek bolýar..

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/interference_tm.htm
© Walter Fendt, May 22, 1999
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012