Kepleriň birinji kanuny

Ptolemeýden başlap Kopernike çenlii astronomlar planetalaryň orbitalary barada düşünmäge aňsat emma aslynda ýalňyş bolan pikirleri ýöredýärdiler. Ýagny, olar planetalar töwerek görnüşli orbitalar boýunça hereket edýärler diýip nädogry düşündiriş berýärdiler. Iogann Kepler 1609-njy ýylda planetar orbitalar hakykatdan ellips görnüşli bolýandygyny tapdy. Ellips nokatlarynyň bir häsiýeti bar: olaryň hemmesiniň fokuslara çenli bolan aralyklarynyň jemi hemişelik bolup galýarlar.

Planetalaryň bozulman edýän hereketi barada Kepleriň birinji kanuny:
Her planetanyň orbitasy bu ellipsdir we Gün onuň bir fokusynda bolýar .

Gök reňkde görkezilen planetany myşka bilen Günüň (ol gyzyl reňkde) daşynda ýerleşýän orbitasynda süýşürip bolýar. Ýokarda sagda ýerleşen menýudan dokuz planetalaryň ýa-da Galleýa kometasynynyň birini saýlap bolýar. Goşmaça, hyýaly bir älem jisiminiň orbitasyny ýarym-os we ekssentriklik sany (ol 1-den kiçi bolmaly) arkaly sazlap görmek bolýar. Programma ýarym-oslaryň uzynlygyny hem-de Günden bolan maksimal/minimal aralyklaryny özi hasaplar.

AU - bu uzynlygyň astronomiki ölçegidir. 1 AU = 1.49597870 x 1011 m deň. Ýagny, AU bu Ýer bilen Gün arasyndaky ortaça aralykdyr. Aşakda sagda orbitalary, oslary, fokuslary (F / F') we birleşdiriji çyzyklary çyzmaklygy saýlap bolýar.

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/keplerlaw1_tm.htm
© Walter Fendt, March 25, 2000
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012