Kepleriň ikinji kanuny

Planeta belli bir pursatda öz elliptik orbitasynyň haýsy nokadynda ýerleşýär? 1609-njy ýylda, Iogann Kepler bu soraga ýönekeý kanuny bilen jogap bermäge başardy:

Planetalaryň bozulman edýän hereketi barada Kepleriň ikinji kanuny:
Planetany Gün bilen birleşdirýän çyzyk deň wagt aralyklarda deň meýdany çyzyp geçýär.

Ýokarda sagda ýerleşen menýudan dokuz planetalaryň ýa-da Galleýa kometasynynyň birini saýlap bolýar. Goşmaça, hyýaly bir älem jisiminiň orbitasyny ýarym-os we ekssentriklik sany (ol 1-den kiçi bolmaly) arkaly sazlap görmek bolýar. Sektorlary saýlap meýdany deň bolan iki sektory hem-de şol sektorlary geçmek üçin sarp edilýän wagty (T orbital period arkaly aňladylan) görmek bolýar. Sektorlary ulaldyp/kiçeldip we şekilini myşka bilen üýtgedip bolýar. Jisimleriň tizlik wektoryny hem saýlap çyzmak bolýar. Güne çenli aralyk AU bilen aňladylýar. Astronomik ölçeg birligi bolan 1 AU = 1.49597870 x 1011 m deň. Ýagny, AU bu Ýer bilen Gün arasyndaky ortaça aralykdyr. Tizlik km/s ölçegde berlen.

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/keplerlaw2_tm.htm
© Walter Fendt, April 4, 2000
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012