Leňňer (ryçag) prinsipi

Simmetrik görnüşli leňňer görkezilen, onuň birnäçe ýükleri bar (her ýükde bolan agram 1.0 N deňdir). Leňňeriň eginleriniň bahalaryny reňkli göniburçluklardan görmek bolýar; bir göniburçluk 0.10 m laýyk gelýär. Programma açylan wagty leňňer deňagramlykda dur.

Myşkanyň knopkasyny basyp ýükleri başga ýere geçirip ýa-da täzeleri goşup bolýar. Meňzeş usulda, ýüklere basyp olary ýok etmek bolýar.

Leňňer deňagramlykda bolar haçan-da çep tarapdaky jemi moment sag tarapdaky jemi momente deň bolanda.
 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/lever_tm.htm
© Walter Fendt, November 2, 1997
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012