Nýutonyň ikinji kanuny bilen bagly tejribe

Bu simulýasiýada hemişelik tizlenme bilen hereket edýän gurluş görkezilen.Agyrlyk güýjüniň 9.81 m/s2 tizlenmesi göz öňünde tutulan. Arabanyň we asma ýüküniň massalaryny hem-de sürtülme koeffisienti belli derejede üýtgedip bolýar. Bir gezek ölçemek üçin, myşkanyň knopkasyny basyp ölçenilýän aralygyny sazlamaly (bu aralyk başdaky ýagdaýdan çyraly LB germewe çenli gidýär, takyklyk 5 mm bolmaly) we degişli wagta üns bermeli (1 ms takyk bolan displeýe seretmeli). Hereketiň dowamynda t-s diagrammadaky gyzyl nokat şol pursatdaky wagty we geçen aralygyny görkezýär. Wagt ölçenenden soň, diagrammada jübüt ölçenen bahalary görünerler. "Maglumaty belle" knopka basyp maglumatlary listde ýazmak bolar. Birmeňzeş parametrli ölçemeleriň birtoparyny 10 gezekden köp amala aşyrmak bolmaýar. Aşakda degişli formulalar berlendir.

Esasy formulalar:

Nýutonyň ikinji kanunynyň ulanylmagy:

formula 1

a ... tizlenme
m ... asylan massa
g ... agyrlyk güýjüniň tizlenmesi
μ ... sürtülme koeffisienti
M ... arabanyň massasy

Hemişelik tizlenme bilen hereket (başdaky tizligi 0 deň bolanda):

formula 2

s ... geçen aralygy
a ... tizlenme
t ... wagt

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/n2law_tm.htm
© Walter Fendt, December 23, 1997
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012