Electromagntli yrgyldama kontur

Berlen kontur bir kondensatordan (merkezde) hem-de induktordan (ýagny, sarymdan) ybaratdyr. "Gaýtar" knopka basylanda kondensatoryň plastinalary zarýadlanýar - ýokarky pozitiw, aşakky bolsa negatiw. "Başla" basylan ýagdaýda rubilnik beýleki ýagdaýa geçer we yrgyldama başlar. Animasiýanyň tizligi durmuşda hakyky bolýanyndan 10/100 esse haýal edilip görkezilýär. Bahalary şu aralyklarda sazlap bolýar: sygym 100 μF - 1000 μF, sarymyň induktiwligi 1 H-10 H), garşylyk 0 Ω-1000 Ω. Naprýaženiýe aýry meýdandan girizilip sazlanylýar.

Kondensatoryň elektriki meýdany (gyzyl reňkli) we induktoryň magnit meýdany (gök reňkli) çyzyklar görnüşde zynjyryň diagrammasynda görkezilýär. Şol çyzyklaryň gürlügi degişli meýdanyň güýjüni aňladýar. Goşmaça, iki sany plastinalaryň zarýadlarynyň alamatyny we adaty tok ugruny görmek mümkin.

Aşakda ýerleşen sagat yrgyldama başlandan soň geçen wagty görkezýär, onuň astynda periody hem görmek mümkin. Saýlanan kontrol knopka görä aşakda sag tarapda şeýle diagrammalar çykar:
1. Nädip naprýaženiýe U (gök) hem-de toguň güýji I (gyzyl) wagt geçmegi bilen üýtgeýärler.
2. Energiýanyň özgermegi.

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/osccirc_tm.htm
© Walter Fendt, October 23, 1999
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012