Fotoelektrik Effekt

Albert Eýnşteiniň 1905-nji ýylda eden açyşy: ýagtylyk foton bölejiklerden durýar we olaryň energiýasy ýagtylygyň ýygylygyna proporsionaldyr. Materiala baglylykda, bir gaty jisimiň üstünden elektronlary bölüp aýyrmak üçin belli mukdarda energiýa gerek bolup durýar. Eger fotonyň energiýasy şol mukdardan uly bolsa, elektron bölünip çykmagy mümkin. Mundan çykýan deňleme:

Ekin   =   h f   −   W

Ekin ... bölünip çykan elektronyň maksimal kinetik energiýasy
h ..... Plank hemişeligi (6.626 x 10−34 J)
f ..... ýygylyk
W ..... iş funksiýa

Tejribede Plank hemişeliginiň hem-de iş funksiýasynyň kesgitlenilişi görkezilen: ýeke bir spektral çyzyk simaply lampadan çykýan ýagtylykdan filtrlenip alynýar. Bu ýagtylyk fotoelektrik elementiniň katodyny (C) urýar we elektronyň bölünip çykmagyna getirýär (ýa-da getirenok). Ýaýrap çykan elektronlaryň maksimal kinetik energiýasyny tapmak üçin saklaýan naprýaženiýeni potensiometr baglanşyk arkaly ulaltmak gerek, şeýlelikde hiç elektron anoda (A) ýetip bilmez. Gök reňkli ölçeýji bu saklaýan naprýaženiýeniň ululygyny görkezýär. Gyzyl reňkli ölçeýjiden bolsa elektronlaryň anoda ýetip-ýetmedigini barada bilmek bolýar.

Üç sany ölçemeleriň bahalandyrylyşy netijede üç sany parallel çyzyga getirer. Olaryň ýapgytlygyndan Plank hemişeligini (h) hasaplap bolýar. Katod materialyň iş funksiýasyny dik duran ok çyzyklaryň kesişmesinden okap bolýar (ölçeg birligi eV - electronwolt).

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/photoeffect_tm.htm
© Walter Fendt, February 20, 2000
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012