Astronomik refraktor-teleskop

Teleskop iki sany linzadan ybarat: obýektiw hem-de okulýar. Ýagtylyk şöhleleri çep tarapdan düşüp obýektiw we okulýar tarapyndan döwülip syn edýän adamyň gözüne çenli ýetýärler (sag tarapda). Gyzyl çyzyklar hakyky şöhlelere takyk gabat gelmeýärler, olar linzalaryň üstünde ýönekeýleşdirilen görnüşde döwülmegi görkezmek üçin görkezilen. Obýektiwiň fokal uzynlygy (f1) okulýaryň fokal uzynlygyndan (f2) uly bolanda, refraktor-teleskop ulaldylyp özgerdilen şekili görkezer. Fokal uzynlyklary 0.05 m - 0.5 m aralykda tekst meýdandan girizip we ENTER basyp üýtgetmek mümkin. Şöhleleriň ugruny hem myşka bilen sýüşürmek mümkin. Programma şöhleleriň hem-de optiki oklaryň arasyndaky burçlary we ulalmagy özi hasaplar. Getirilen mysalda, Pleýadanyň alty sany iň ýagty ýyldyzy görkezilen: çepde öz gözüň bilen we sagda teleskopdan görnüşi.

Teleskopyň ulaldylmagy şu kiçi burçlar üçin formuladan takmyn almak bolýar:

v = − f1 / f2

v .... Ulaltma
f1 ... Obýektiwiň fokal uzynlygy
f2 ... Okulýaryň fokal uzynlygy

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/refractor_tm.htm
© Walter Fendt, March 8, 2000
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012