Mejbury yrgyldamalar (rezonans)

Pružina maýatnigiň depesi (gyzyl tegelek) yza-öňe hereket edýär (meselem, el bilen). Bu hereket garmonik diýip hasap edilýär, ýagny, ony kosinus funksiýasy bilen beýan etmek bolýar. Şeýle usulda döredilen yrgyldamalara mejbury yrgyldamalar diýilýär. Pružina hemişeligini, massany, öçme koeffisientini hem-de burç ýygylygy belli çäklerde sazlamak bolýar. Üç sany knopkadan birini basyp şu diagrammalary saýlamak bolýar:

Umuman, üç sany wakany synlamak mümkin:

Eger tolkundyryjynyň ýygylygy juda kiçi bolsa (maýatnigiň depesi haýal hereketde bolar) maýatnik onuň bilen sinron we birmeňzeş amplituda bilen diýen ýaly yrgyldar

Eger tolkundyryjynyň ýygylygy maýatnigiňki bilen meňzeş bolsa maýatnik barha güýçli yrgyldar(rezonans hadysa); tolkundyryjy bilen deňeşdirlende yrgyldamalar 1/4 esse periodyna görä yza galarlar.

Eger tolkundyryjynyň ýygylygy juda uly bolsa rezonator örän kiçi amplituda bilen yrgyldar we garşy faza diýen ýaly bolar.

Öçme koeffisienti (sürtülme) juda kiçi bolanda geçiji ýagdaýlar ähmiete eýe bolup bu wakalary synlamak üçin belli wagt gerek bolar.

Bu tejribä degişli formulalar örän çylşyrymlydyr.

 

 

 
Physics
Physics Applets

URL: http://www.walter-fendt.de/ph14tm/resonance_tm.htm
© Walter Fendt, September 9, 1998
Translation: PICT Turkmenistan, 2012
Last modification: July 14, 2012