Radioaktiw bölünme hatary
Radioaktiwlik prosessleri 3 topara böllüp bolar:
- Alfa bölünme: atomyň ýadrosy geliý-4 ýadrosyny (ýagny,
alfa bölejigi) 5 % çyra tizliginde çykarýar. Bölüp çykaran
ýadro 2 protony we 2 neýtrony ýitirer, onuň massa
sany bolsa 4 birlik peseler we atom sany 2 birlik peseler.
- Beta bölünme: atomyň ýadrosy elektrony 5 % çyra
golaý tizliginde çykarýar. Atomlaryň ýadrolary protondan we neýtrondan başga
hiç bölejigi düzüminde saklamaýar, şonuň üçin bu prosessi diňe
bölejikleriň özgermegi bilen düşündirip bolýar. Başdaky ýadronyň
neýtrony protona öwrüler, onuň massa sany bolsa üýtgemän galar we atom sany 1 birlik
köpeler.
- Gamma bölünme: atomyň ýadrosy göçgünli ýagdaýdan
has aşakky energetik derejesine geçer, proton hem-de neýtron düzümi üýtgemän galar.
Görkezilen ýadrolaryň tablisasynda himiki bellikler we massa sanlar gysgaça beýan edilen. Protonlaryň sany çepde, neýtronlaryň sany bolsa sütüniň başynda getirilendir. Alfa bölýnme üçin sary reňk we beta bölünme üçin gök reňk ulanylýar. Aşakda çep tarapda radioaktiw hatary saýlanandan soň, myşka bilen ýaşyl knopka birnäçe gezek basmaly - şonda haýsy ýadrolar yzly-yzyna döreýändigini görüp bolar.