Kepleriň ikinji kanuny

Planeta belli bir pursatda öz elliptik orbitasynyň haýsy nokadynda ýerleşýär? 1609-njy ýylda, Iogann Kepler bu soraga ýönekeý kanuny bilen jogap bermäge başardy:

Planetalaryň bozulman edýän hereketi barada Kepleriň ikinji kanuny:
 
Planetany Gün bilen birleşdirýän çyzyk deň wagt aralyklarda deň meýdany çyzyp geçýär.

Ýokarda sagda ýerleşen menýudan dokuz planetalaryň ýa-da Galleýa kometasynynyň birini saýlap bolýar. Goşmaça, hyýaly bir älem jisiminiň orbitasyny ýarym-os we ekssentriklik sany (ol 1-den kiçi bolmaly) arkaly sazlap görmek bolýar. Sektorlary saýlap meýdany deň bolan iki sektory hem-de şol sektorlary geçmek üçin sarp edilýän wagty (T orbital period arkaly aňladylan) görmek bolýar. Sektorlary ulaldyp/kiçeldip we şekilini myşka bilen üýtgedip bolýar. Jisimleriň tizlik wektoryny hem saýlap çyzmak bolýar. Güne çenli aralyk AU bilen aňladylýar. Astronomik ölçeg birligi bolan 1 AU = 1.49597870 × 1011 m deň. Ýagny, AU bu Ýer bilen Gün arasyndaky ortaça aralykdyr. Tizlik km/s ölçegde berlen.

This browser doesn't support HTML5 canvas!