Tokly geçiriji siminiň döredýän magnit meýdany

Elektrik tok magnit meýdany döredýär. Bu tejribede dik duran göni simden uly tok geçýär. Onuň ugruny knopka bilen üýtgedip bolýar. Simiň uçlaryndaky alamatlar birleşdirilen batareýanyň polýuslaryny aňladýarlar. Toguň adaty ugry gyzyl ok bilen görkezilen. Elektronlaryň (ýaşyl nokatlar) hereket ugry adaty tok ugurna ters bolýandygyna üns beriň.

Kompas oky magnit meýdanyň (gök reňkli) ugruny berlen pursat üçin görkezýär, ony myşka arkaly üýtgetmek bolýar. Demirgazyk polýus gyzyl we günorta polýus ýaşyl reňkde görkezilýär. Ýer şaryň döredýän öz magnit meýdanynyň täsiri bu simulýasiýada hasaba alynmadyk.

Magnit meýdanynyň çyzyklary göni tokly geçirijiniň daşynda konsentrik (ýagny, umumy merkezli) töwerekleri emele getirýärler. Meýdanyň ugruny bilmek üçin (gök oklar) sag el düzgüni ulanmaly: sag eliň başam barmagy adaty tok ugra tarap görkezende, galan barmaklar simiň daşyny gurşap magnit meýdanyň ugruny görkezerler.

This browser doesn't support HTML5 canvas!