Dik duran uzynlygyna gidýän tolkunlar

Turbanyň içindäki howanyň garmonika yrgyldamalary mysal üçin görkezilen. Bölejikleriň hereket etmeýän ýerleri "N" düwün edilip bellenen. Olaryň maksimal amplitudaly hereket edýän ýerleri bolsa "A" antidüwün edilip bellenen. Turbanyň açyk tarapynda mydama antidüwün we ýapyk tarapynda mydama düwün ýerleşýär. Turbanyň şekilini degişli knopka bilen üýtgetmek bolýar. Indiki garmonika "Pesräk" ýa-da "Ýokaryrak" knopka basyp geçmek mümkin. Garmonikalaryň ýokarky bäşinji derejeli yrgyldamalaryna çenli görüp bolýar. Turbanyň uzynlygynyny tekst meýdandan ENTER basyp girizip tolkun uzynlygyny we ýygylygyny hasaplamak bolýar. Ses tizligi 343.5 m/s diýip kabul edildi, bu 20°C temperatura gabat gelýär. Turba diameteriniň täsiri hasaba alynmadyk.

This browser doesn't support HTML5 canvas!